Dünýäde iň seýrek duşýan krokodil dünýä indi

Floridadaky Gatorland dynç alyş seýilgähinde, gök gözli we arassa ak derisi bolan dünýäde iň seýrek duşýan krokodil dünýä indi.

Beýanata görä, krokodil albino däl, bu görnüş örän seýrek duşýar. Bu görnüş albinolardan tapawutlanýar, sebäbi leýkistik krokodillerde pigmentasiýa ýok. Muňa derek, pigment öndürýän öýjüklerde kemçilikleri bar.

Täze doglan urkaçy krokodiliň agramy 96 gram, boýy bolsa 49 santimetr. Leýkistik krokodiliň dünýä inmegi mundan öň tebigatda diňe birnäçe gezek görlüpdi we hiç haçan adamyň gözegçiligi astynda däldi.

Leýkistik krokodilleriň iýmitleniş endikleri we gylyk-häsiýetleri taýdan adaty krokodillerden tapawudy ýok. Şeýle-de bolsa, albinolar ýaly, göni gün şöhlesine sezewar bolanda güne ýanyp bilýärler. Olaryň açyk reňki, tebigatda gizlenmegine päsgelçilik döredýär. Şol sebäpli olar ýyrtyjylara aňsat aw bolýarlar.

Annadurdy NOBATOW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok