Ak piläniň uly harmany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, zähmetsöýer babadaýhanlary, kärendeçileri halal zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaklyga ruhlandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda pileçi kärendeçiler ýüpek gurçuklaryna edilýän ideg işlerini uly ruhubelentlik bilen, ýokary guramaçylykly ýola goýýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýüpegiň hiliniň has-da gowulaşmagy üçin ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän döwrebap tehnologiýaly zawodlar gurulýar. Olarda biziň howa şertlerimize uýgunlaşan ýüpek gurçuklarynyň «Türkmen — 13», «Türkmen — 16», «Ak pile — 1», «Ak pile — 2», «Dostluk — 1», «Dostluk — 2» ýaly önüm berijiligi we hili ýokary görnüşleri öndürilýär.

Ýüpek gurçugyndan ýokary hilli pile almagyň onuň talabalaýyk idedilmegine baglydygyna oňat düşünýän zähmetkeşler gurçuklara ýaşyna göra tut ýapragyny bermäge aýratyn ähmiýet berýärler. Olar ýüpek gurçugynyň idedilýän jaýlarynyň degişli derejedäki howa şertleri boýunça üpjünçiligine hem uly üns gönükdirýärler. Munuň özi ýüpek gurçuklarynyň kadaly pile saramagynyň esasy şerti bolup durýar.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bekmyrat GALANDAROW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok