150 minutda almaz öndürildi

Günorta Koreýanyň Ylym institutynyň alymlary almaz önümçiliginde möhüm öwrülişikli açyş etdiler. Alymlar täze oýlanyp tapylan suwuk metal garyş usuly bilen 150 minutda emeli almaz öndürdiler. Bu açyşdan öň sintetik almaz öndürmek birnäçe hepde dowam edýär.

Tebigy almazlaryň emele gelmegi, aşa basyş we ýer astyndaky temperatura şertlerinde milliardlarça ýyl dowam edýär. Sintetiki almazlary alymlar has çalt öndürip bilerler, ýöne köplenç birnäçe hepde çenli wagty talap edýär.

Suwuk metallary garyşdyrmaga esaslanýan täze usul, güýçli gysylma zerurlygy bolmazdan birnäçe minutda emeli almaz öndürmäge mümkinçilik döretdi. Alymlar 1025 gradus töweregi ýokary temperaturada 150 minutda emeli almazy ýasadylar.

Günorta Koreýanyň Ylym institutynyň alymlarynyň ýolbaşçylygyndaky innowasiýa çemeleşme topary, bu prosesiň sintetik almaz önümçiliginde ep-esli üýtgeşiklik döreder diýip pikir edýär.

Aýsona GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok