Ýeriň magnit meýdany bilen baglanyşykly täsin gözleg

Hünärmenler Ýeriň magnit meýdanynyň 3,7 milliard ýyl ozalky bilen deňdigini ýüze çykardylar. Oksford uniwersitetiniň we Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) gözlegçileri 3,7 milliard ýyllyk gaýalardan peýdalanyp, häzirki wagtda Ýeriň magnit meýdanynyň 3,7 milliard ýyl ozalky bilen deňdigini anykladylar.

Hünärmenler Grenlandiýa adasynyň Isua Greenstone guşagyndan gazylyp alnan gaýalary içgin öwrenmek arkaly 3,7 milliard ýyl ozal magnit meýdanynyň ululygynyň 15 mikroteladygyny anykladylar. Bu ululyk häzirki zaman magnit meýdanynyň ýarysynyň ululygyna deňdir.

Hünärmenleriň bu üstünligi, magnit meýdanynyň ululygyny we ugruny ýazga alyp, tebigy magnit hökmünde hereket edýän gadymy gaýalarda demir bölejiklerini öwrenmek arkaly gazanyldy.

Magnit meýdany Ýeri kosmiki radiasiýadan we gün ýellerinden goraýar. Grenlandiýanyň paýtagty Nuukdan 150 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Isua Greenstone guşagy Ýerdäki iň gadymy gaýalary öz içine alýar.

Ýagmyr GURBANSÄHEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok