Ussat kompozitoryň ömür ýoly

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mälikguly Mämmedow ýaş kompozitorlaryň nesline degişlidir. Ol 1980-nji yyllarda ussat turkmen kompozitorlarynyň hataryna goşulýar. Onuň döreden eserleri diňe bir biziň yurdumyzda däl eýsem birnäçe doganlyk yurtlarda-da yerine yetirilýär.      Kompozitor uly möçberde hor eserlerini, aýdymlary, romanslary, kamerny instrumental sazlary döretýär. Fortepiano we orkestr üçin “konsert”, klarnet orkestr üçin “Konsert”, simfoniýa “Çarhypelek”, «Mollanepes” çeper filmiň sazyny döretýär.

Mälikguly Mämmedow 1953-nji ýylyň 3-nji maýynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Hakykat» obasynda dogulýar. Onuň kakasy daýhan, ejesi bolsa öý hojalykçy bolupdyr. Halypanyň ýaşlykda saza bolan höwesi oýanýar we  oba mekdebinde okan döwründe aýdym saz toparlaryna höwesjeň gatnaşýar. Şeýle-de ol oba bagşylardan dutar çalmagy öwrenýär.

1968-nji yylda Aşgabadyň Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň dutar bölümine okuwa girýär we ussat sazdanda A. Allaberdiýewdan sapak alýar. Az wagtdan soň hor dirižor bölümine geçýär we B. Hudaýkuliýewden tälim alýar. Okuwynyň soňky ýyllarynda saz döretmek ukyby ýüze çykýar we kompozitor Rejep Rejepowdan goşmaça sapak alýar. Şol ýyllar ol ilkinji kiçiräk eserlerini döretýär. Fortepiano üçin “Şatlykly tans”, “Gaýgyly tans”, “Wals”, “Marş” pýesalary we “Bakyň köçämizden gyz geçip barýar” aýdymlaryny döretýär.

Ol 1972-nji ýylda Daşkent Döwlet Konserwatoriýasyna hor dirižor bölümine okuwa girýär. Ol ýerde saz döretmäge taýýarlaýyş bölüminde, professor A. A. Berlinden tälim alýar. Şeýle-de kompozitorlar F. M. Ýan-ýanowskiden, B. I. Zeýdmandan sapakalýar. Talyplyk ýyllarynda fortepiano üçin 12 pýesa, hor we orkestr üçin “Daşkendim” atly aýdym, “Gözlerim ýoluňda”, romansyny, fortepiano üçin wariasiýa, 3 sesli fuga we başga eserleri döretýär. Ol 1977-nji ýylda hor dirižor bölümini tamamlaýar we kompozitorçylyk bölüminde okuwyny dowam etdiryär. 1979-njy ýylda Konserwatoriýany tamamlaýar we harby gulluga gidýär.

Mälikguly Mämmedow 1980-njy ýylda harby gullukdan gelip Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň saz nazaryýeti bölüminde işe başlaýar. Şol ýyllar simfoniki orkestr üçin “Dabaraly uwertýura”, goboý üçin 4 sany pýesa, birnäçe aýdym romanslary döretýär. 1982-nji ýylda Mälik Mämmedow ozalky SSSR-iň Kompozitorlar birleşiginiň agzasy bolýar. Ol 1986-njy ýylda «Mollanepes» kinofilimine we Marynyň Kemine adyndaky sazly drama teatry üçin “Babalakgy”, “Altynýüzik” spektakllaryna saz ýazýar.

Mälikguly Mämmedow 1988-nji ýylda Özbegistanyň Daşkent Döwlet Konserwatoriýasynyň aspiranturasyna girýär. Ol ýyllarda A. Myradowyň sözlerine “Biziň söýýänimiz parahatlyk” kontatasyny, simfoniki orkestr üçin “simfoniýetta”, özbek türkmen şahyrlarynyň sözlerine akapella eserleri ýazýar.1992-nji ýylda “Çarhypelek” atly simfoniýasy bilen aspiranturany tamamlaýar we Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky sazçylyk mekdebiniň saz nazaryýeti bölüminde mugallymçylyk işini dowam etdirýär.

Ussat halypa ençeme ýyllaryň dowamynda hem şägirt ýetişdirdi hem-de döredijilik işi bilen meşgullandy. Ol “Galkyn Watan”, “Baky ýürek hakynda ballada”, “Serdarym Arkadagym”, “Ýaňlan diýarym” we başgada birnäçe eserleri döretdi. 2001-nji ýylda ussat kompozitora sungat äleminde bitiren işlerini göz öňünde tutulyp Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly at dakylýar. Birnäçe eserlerini halkyna bagş eden hem şägirtleri ýetişdiren halypa kompozitor 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 28-ne aradan çykýar.

Ogulgerek Galandarowa,
Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň
2-nji derejeli saz nazarýeti mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok