Ilat arasynda immunizasiýa hepdeligi geçirilýär

Mälim bolşy ýaly, her ýyl Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça adamlaryň saglygy we abadançylygy babatda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmäge gönükdirilen immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Şu ýyl Türkmenistanda immunizassiýa hepdeligi 21-27-nji aprel aralygynda meýilleşdirildi.

Hepdeligiň dowamynda ähli saglyk öýlerinde öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we zerurlygy barada maslahat bermek üçin telefon arkaly «Gyzgyn aragatnaşyklar» ýola goýulýar. Maslahat beriş otaglary açylyp, sanjymlaryň ähmiýeti ilata düşündirilýär. Sanjymlardan ýüz dönderýän ene-atalar bilen aýratyn wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle-de degişli çäkde hasapda durmaýan we meýilnama boýunça sanjym almaýan çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, ýazuw geçirilýär. Dürli sebäplere görä sanjym almadyklar ýüze çykarylan ýagdaýynda, olara degişli tertipde sanjym geçirilýär. Maşgala lukmanlarynyň, inçe ugurly saglygy goraýyş hünärmenleriniň arasynda immunizasiýa bilen bagly soraglar boýunça amaly-okuw maslahatlary guralýar. Hamyla zenanlar bilen sanjymlaryň ähmiýeti barada gürrüňdeşlik geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokok, rotawirus ýokançlaryna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Şeýle hem raýatlaryň isleglerine görä möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň tertibi meýilnama boýunça alnyp barylýar. Keseliň öňüni alyş sanjymlaryny almak bilen, diňe bir ýokanç keselleriň däl, eýsem, şolaryň netijesinde ýüze çykýan sökellikleriň hem öňüni alyp bilersiňiz.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok