“Google” – Parižde emeli aň gözleg merkezini açdy

“Google” – Fransiýanyň Pariž şäherinde emeli aň pudagyndaky gözlegleri amala aşyrjak gözleg we ösüş merkezini açdy.

Parižde açylan gözleg merkezinde “YouTube” we “Chrome”-yň hyzmat ösüş toparlaryny goşmak bilen 300-den gowrak inžener we ýörite hünärmenler işlär.

Býudjeti 300 million ýewro bolan bu merkez, ozal “Facebook”, “Google” we “Apple” ýaly tehnologiýa kompaniýalarynda işlän hünärmenleriň goşantlary bilen öz dil modellerini öndürmegi maksat edinýär.

Häzirki wagtda Fransiýada emeli aň pudagynda gözleg merkezleri bolan tehnologiýa kompaniýalarynda Ýaponiýada ýerleşýän “Fujitsu”, Koreýada ýerleşýän “Samsung”, ABŞ-da ýerleşýän “IBM” we “Facebook” sosial media platformasy bar.

Söhbet ALLANAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok