Dünýäde ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan ada gurlar. Şazada Ýelizaweta atly ada üçin ygtyýarnama alyndy. Ada elektrik ulgamlaryna gözegçilik etmek üçin ulanylar.
Belgiýanyň elektrik geçiriji ulgam operatory “Elia” kompaniýasy, dünýädäki ilkinji we ýeke-täk emeli aň adasy bolan Şazada Ýelizaweta adasynyň gurluşygyny dowam etdirmek üçin rugsat alandygyny habar berdi. Bu ada Belgiýanyň gury ýerdäki elektrik ulgamyny täze ýel fermalary we Angliýadan we Daniýadan goşmaça birleşdirijiler bilen birleşdirjek esasy energiýa merkezi hökmünde kesgitlenýär.
Taslama 2023-nji ýylda alnan ygtyýarnama bilen başlandy we Belgiýanyň Federal Energetika ministrligi tarapyndan goldanylýar. Täze energiýa adasy, durnukly elýeterli energiýa bilen üpjün edip, Demirgazyk deňzini ýaşyl energiýa merkezine öwürmek bilen ýurduň ýerli ilaty we kärhanalary üçin möhüm çeşme bolar.
“Elia” kompaniýasy adanyň anyk binýadyny Demirgazyk deňiz portundaky Wlissingen şäherinde gurýar. Bu hyzmatdaşlyga Belgiýanyň deňiz gurluşyk kompaniýalary “DEME” we “Dean De Nul” ýolbaşçylyk edýär.
Taslama, şeýle hem dünýädäki goralýan deňiz sebitlerine ýel turbinalaryny oturtmak meselesinde hem ilkinji bolar.
Ilaman SÄHETLIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler