Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Ata Watanymyz Türkmenistanyň her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň medeni gymmatlyklarymyzy ösdürmek boýunça, alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, türkmeniň medeniýeti, däp-dessurlary, edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar. Şol sanda, köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesillerimize arkama-arka geçip gelýän, milli el işlerimiz, halylarymyz, keçelerimiz, nepis keşdelerimiz hem ajaýyp sungat eserleri ýaly äleme ýaýylýar.
On dördi gijäniň Aýy,
Gyzyl bägülüň taýy.
Garçyn-çuwal içinde,
Bukjasy bar daraýy…
Ata-enesiniň ak patasyny alyp, bu gün ertir “Bagt öýüne” tarap ugrajak bolýan gyzyň seplerine gözüň düşende, gülälekli meýdana seýle geldikmikäk diýdirýär. Läle-reýhan ýaly, gyzylly-ýaşylly owadan öýmeler, gonjy uzynly-gysgaly örme joraplar, keteni, ýüpek, atlaz ýaly milli önümlerden tikilen köýnekleriň ýakasyna we ýeňine nepislik bilen sünnälenen keşdeleri göreniňde Hormatly Prezidentimiziň gyz maşgalany ýaşlygyndan başlap milli keşdeçilik, oglan perzentleri bolsa ussaçylyk hünärine ugrukdyrmak baradaky gyzyldan gymmatly sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Ene-mamalarymyzyň “Gyza iňňe ber, oglana pil” diýen dürdäne sözleri terbiýeçilik öwüt-ündew netijesinde biziň ýaş nesillerimize uly täsirini ýetirýär. Gelin-gyzlaryň birnäçesi gözellik dünýäsiniň içinde ýylgyryşyp, öz toý lybaslary bukjalara ýerleşdirýärler.
Owadan mata böleklerinden taslanan, barmak boýy gykyndylardan guralan, mahmal, parça, mawut ýaly berk matalardan tikilip, dört tarapy nagyşlanan bukjalary görmäne göz gerek, taryplamana söz. Olary synlap, ene-mamalarymyzyň gyz maşgalany ýaşlygyndan başlap: “Gönezlikden doýumlyk, ýeň sapydan geýimlik” taýýarlamagy öwretmegiň manysyna düşünýärsiň. Ene-mamalarymyz barmak ýaly bölejik mata gykyndylaryny hem zaýalaman, olardan dürli hili owadan düşekçeleri, bukjalary, saçaklary ýasapdyrlar. Düýp bukja, sep bukja, syr bukja, sowgat üçin niýetlenen, aýna-darak salynýan, iňňe-sapakdyr ownujak esbaplar üçin tikilen şeýle milli senetlerimiz özbaşyna öwrenilmäge we ýaş gelin-gyzlaryň arasynda giňden wagyz etmäge mynasypdyr.
DÜÝP BUKJA – ene-mamalarymyzyň: “El bukjam-hünär bukjam” diýen aýtgysy, esasan-da, milli lybaslaryň salynýan düýp bukjasynda öz manysyna eýe bolýar. Sebäbi ony açanyňda, gyzyň düýpli eden işlerine şaýat bolýarsyň.
SEP BUKJA – bolanda bolsa oňa esasanam, gyzyň ýaglyk, tahýa, jorap ýaly kiçeňräk sepleri girýär. Şonuň üçinem bu bukja sep bukja diýip at beripdirler.
SOWGAT BUKJA – adyndan belli bolşy ýaly, ilimizde gyzyň gaýyn öýüne getiren sowgatlyk zatlaryny şol bukja ýerleşdirilýär.
AÝNA DARAK BUKJA – gyz maşgalanyň terbiýesinde, özüne timar bermegi öwretmekde, arassaçylyk düzgünlerini birkemsiz berjaý etmekde aýna-daragyň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň “Ýagşy gyz ertir turup aýna garar, ýalta gyz saçak sorar”. diýen aýtgysynyň manysy uludyr. Saba-säher bilen oýanyp, kepderi kimin daranyp, soňra öý işlerine başlamak päkizeligiň alamaty.
Durmuş tejribesine baý bolan ene-mamalarymyz ýörite kiçeňräk bukjalary tikmegi, onuň içinde gerekli esbaplaryny saklamagy ýaşlara öwredipdirler. Şahandaz eneler göwni joşanda: “Apak-mapak, iňňe-sapak, keteni-parça, atlaz-ýüpek” – diýip sazlaşdyryberýändir. Sebäbi türkmen gözelleri iňňeden sungat, darakdan gudrat ýasamagy başarypdyrlar. Gyzlar iňňe-sapak salmak üçin aýratyn bukja ýasanypdyrlar. Sebäbi keşde çekip, basma basanlarynda, barmaklaryny iňňeden gorar ýaly ownuk esbaplaryny, temen, iňňebagjyk ýaly gerekli serişdelerini bukja salypdyrlar. Bu bolsa ownujak esbaplaryň bir ýere jemlenmegine, çaga-çuga üçin howpsuz durmagyna hemaýat edipdir. Şonuň bilen birlikde gyz-gelinlerde ünslülik, eserdeňlik, ykjamlyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmeginde bukjalaryň peýdasy uly bolupdyr. Şeýdip asly dana, halal zähmete bişişen, belent adamkärçilikli halkymyz durmuşyň ähli pursatlarynda-da ýaş nesillere edep-ekram bermegi ýatdan çykarmandyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatlygyň, rahatlygyň, abadanlygyň, owadanlygyň watanynda, şu nurana diýarda Hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýaşamak, okamak, işlemek, döretmek biz ýaşlar üçin aýratyn uly bagt. Çünki sözüň gudraty bilen öz milletini beýik ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleri ýetilen beýik sepgitlere ajaýyp öwüşgin berýär. Bizi şeýle ajaýyp zamana ýetiren, Berkarar döwletimize şan-şöhrat getiren Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!!!
Azada RAŞIDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler