2011-nji ýylda rak keseli sebäpli aradan çykan “Apple”-iň esaslandyryjysy Stiw Jobs 1998-nji ýylda geçirilen konferensiýada önümleriň başyndaky “i” harpynyň nämäni aňladýandygyny mälim etdi.
“Apple” markasy tehnologiýa önümleri we smartfonlar bazaryndaky iň meşhur enjamlaryň hataryna girip, dünýäde millionlarça adam tarapyndan ulanylsa-da, kompaniýa tarapyndan öndürilýän “iPhone”, “iPad” we “iWatch” ýaly önümleriň başyndaky “i” harpynyň nämäni aňladýandygy hemişe gyzyklanma döredýär.
Şeýle-de bolsa, bu sowalyň jogabyny 1998-nji ýylda geçirilen konferensiýada “Apple”-iň esaslandyryjysy merhum Stiw Jobs “i” harpynyň bir däl-de, bäş sözden ýagny “İnternet, individual (şahsy, ýeke), instruct (ýol görkeziji, görkezme), inform (habar bermek, habarly etmek, duýdurmak) ve inspire (ylham, ruhlandyrmak)…” ybaratdygy mälim etdi.
Marýam ORAZBAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler