Howanyň üýtgemegi sebäpli global ýylylyk, esasanam Ýewropa yklymyna oňaýsyz täsir edýär. Statistika Ýewropanyň iň çalt gyzýan yklymdygyny görkezýän hem bolsa, soňky 20 ýylda howanyň aşa gyzmagy bilen baglanyşykly saglyk meseleleri we adam pidalary 30 göterim ýokarlandy.
Ýewropada temperaturanyň ýokarlanmagy adam bedenine saglyk taýdan oňaýsyz täsir edýär. 2023-nji ýyldaky Ýewropa howa hasabatyna görä, aşa yssy howa hadysalary millionlarça adam täsir etdi.
Temperaturanyň adatdan daşary ýokarlanmagy sebäpli, esasanam açyk howada işleýänler, garrylar, ýürek we süýji keseli bilen kesellänlere ölüm howpy abanýandygy bellenilýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylary, temperaturanyň ýokarlanmagynyň 1-nji sebäbi hökmünde görkezilýär. Adam saglygyndan başga-da, global ýylylygyň ykdysadyýete edýän täsiri hem görkezilýär.
Aşa yssy howa sebäpli ykdysady ýitgileriň 2023-nji ýylda 13,4 milliard ýewrodan geçendigi çak edilýär. Bu tebigy hadysa sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň daşky gurşaw gullugy hökümetleri howanyň üýtgemegine garşy saglyk ulgamlaryny taýýarlamaga we açyk howada işlemeli işçileri goramak üçin düzgünleri döretmäge çagyrdy.
Ibragim ALIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler