Aroniýa miwesiniň antioksidant, ýüregi, bagry, nerwi goraýjy täsirleri bar. Süýji keseline, rak, infeksiýa we semizligiň öňüni almakda hem bu miwäniň täsiri uludyr.
C witaminiň we antioksidantlaryň iň ýokary çeşmesi hökmünde tanalýan aroniýa “super miwe” hem diýilýär, sebäbi köp keseller üçin örän peýdaly. Ylmy ady “Aronia melanocarpa” bolan aroniýanyň watany Demirgazyk Amerika hasaplanýar. Aroniýa soňky ýyllarda bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp başlady.
Aroniýa adatça gyzyl, gyrmyzy we gara reňkde bolýar. Bu miwe antioksidantlara, C witamine we beýleki ýokumly maddalara baýdyr. Aroniýa miweleri, adatça, üýtgeşik tagamly bolany üçin täze sarp edilmeýär. Şeýle-de bolsa, olardan dürli-dürli mürepbeler taýýarlanýar.
Ylmy gözlegler aroniýa miwesiniň antikanser potensialyny goldaýandygyny we bu mümkinçiligiň käbir adaty bolmadyk mehanizmler arkaly amala aşyrylyp bilinjekdigini görkezdi.
Älemjahan AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler