Ozal Aral deňziniň eýelän ýerlerinde bal öndürmek meýilleşdirilýär

Garagalpagystanda ozal Aral deňziniň eýelän ýerlerinde bal öndürmegi meýilleşdirýärler. Şeýlelikde, Aral deňziniň baly bu ugurda täze haryt nyşanyna öwrülip biler. Munuň üçin hünärmenler bal önümçiliginde ulanylýan tamariks ösümligini ösdürip ýetişdirerler.

Özbegistanyň Tokaý hojalygy milli gözleg institutynyň barlaghanasynyň başlygy: «Biz eýýäm 2 müň gektardan gowrak meýdana tamariks ekdik. Bir gektar meýdandaky gülleýän tamariksden 50 kg bal öndürip boljakdygyny belläsim gelýär. Şonuň üçin şu ýyldan başlap Aral deňziniň guran düýbünde bal önümçiligini ösdüreris» diýip, belläp geçdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, tamariks – çägeli topraklary durnuklaşdyrmak üçin ulanylýan hemişe gök öwüsýän, duzlulyga çydamly ösümlikdir. Gülleýän döwründe şahalary gülgüne güller bilen örtülýär, şonuň üçin tamariks bezeg ösümligi hökmünde ösdürilýär.

Ýusupmyrat GARAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok