“Kelleli” gaz käninde tebigy gazy arassalaýan ilkinji kuwwatly desga gurulýar

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Kelleli” gaz käninde “Türkmengaz” döwlet konserniniň meýilnamasyna laýyklykda, tebigy gazy arassalaýan ilkinji kuwwatly desga gurulýar.

Täze desganyň gurluşygyny “Marygazçykaryş” müdirliginiň buýurmasyna görä, “Türkmenýöritenebitgazgurnama” trestiniň 2-nji ýöriteleşdirilen edarasy baş potratçy hökmünde alyp barýar. Bu desga gaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan gazy harytlyk derejesine ýetirip, ony Garagum — Üçajy — Malaý ýokary basyşly gaz geçirijisine akdyrmak maksady bilen gurulýar.

Tebigy gazy arassalaýan ilkinji kuwwatly desganyň gurluşygynda zähmet çekýän gurluşykçylar kömekçi gulluk binalarynyň işini doly tamamlap, häzir diametri 159 we 219 millimetrlik gaz geçirijileriň gurluşygyny, desganyň seperatorlarynydyr kömekçi enjamlaryny, ýygnaýjy hatarlar toplumynyň hem-de ilkinji birikme nokadynyň enjamlaryny gurnamak işlerini alyp barýarlar.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze desga işe girizilen soň, gaz känlerinden her gije-gündizde 1 million 100 müň kub metr harytlyk tebigy gaz daşarky bazara ugradylar.

Nurmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok