Aşa gyzgyn suwlary, kükürtli çeşmeleri, kaustik kislota howuzlary we ýakyjy bug bulutlary … Bularyň hemmesi gorkunç ýeri suratlandyrýan ýaly görünse-de, Efiopiýanyň demirgazygyndaky Danakil oýlugy bilesigeliji syýahatçylar üçin täsirli geologiki sebit bolup durýar.
Mawy ýanýan lawa we açyk sary çeşmeler gözlere howply ýagdaý ýaly bolup görünse-de, kontinental bölünişikleriň ajaýyp görnüşi bilen tapawutlanýar.
Ýer gabygynyň tutuş planetada birmeňzeş galyň däldigini, kontinental bölünişigiň täsirini Danakil oýlugy ýaly ýerlerde açyk-aýdyň görüp bolýar. Bu sebitdäki tektoniki plitalar, Danakil Alp daglary we Efiopiýa platosy ýaly goňşy ýerleri bölüp aýyrýar.
Gowrup barýan gyzgynlyk, reňkli we ýowuz bolan bu sebite “Jähennemiň derwezesi” diýen lakamy dakdy. Şeýle-de bolsa bu sebit syýahatçylar tarapyndan iň bir gelim-gidimli ýer hökmünde tanalýar.
Danakil oýlugy takmynan 287 metr belentlikde ýerleşýän we Erta Ale wulkan zynjyryna degişli Gada Ale wulkanyny özüne birleşdirýär. Sebitiň üýtgeşik reňki deňiz suwuny kükürt, demir we mis ýaly wulkan minerallary bilen birleşdirýän özboluşly ýerinden gelip çykýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2017-nji ýylda bu sebitde ýaşaýan bakteriýalaryň barlygy subut edildi. Bu bakteriýalar şol bir wagtyň özünde aşa gyzgynlyga, duzlulyga we kislota çydap bilýärler.
Ulugbek JADYGROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler