Heläk bolan “Titanik” nirede we näçe metr çuňlukda?

“RMS Titanic” – “White Star Line” kompaniýasy tarapyndan, Harland we Wolff gämi abatlaýyş kärhanalarynda öndürildi. Gäminiň döredilen döwründe “Titanic” kaşaňlygy, baýlygy we ajaýyplygy boýunça ähli garşydaşlaryndan öňe geçdi. Gämi adaty basseýn, sport zaly, bug hammamy, kitaphana we tennis korty ýaly mümkinçiliklere eýedi.

“Hiç haçan gark bolmaýar” diýilýän kaşaň ýolagçy gämisi, 2224 ýolagçy we ekipaž bilen 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde Nýu-Ýorka gitmek üçin Angliýanyň Southampton sebitinden ýola çykdy.

Gämi 1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde aýsberge degeninden soň Demirgazyk Atlantik ummanynyň suwlarynda gark boldy. Bu heläkçilikde 1500-den gowrak adam pida boldy. Gämide diňe 1,178 adam üçin ýeterlik halas ediş gämisi bardy. Goşmaça halas ediş gämisi bolsa wakanyň bolan ýerine birnäçe sagatdan soň baryp, 710 adamy halas etdi.

Köp romanlaryň we filmleriň temasy bolan “Titanik” gämisini, okeanograf Robert Ballard 1985-nji ýylda Newfoundland-iň kenaryndan 645 km uzaklykda tapdy.

Kemal HALLAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok