Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji martynda paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üsti Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi bilen ýetirildi.
Binagärliginiň özboluşlylygy, ýerleşýän ýeriniň juda oýlanyşykly saýlanylyp alnanlygy bilen gysga wagtda paýtagtymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyňdyr myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde döredilen amatlyklar mähriban Watanymyzda baş maksadyň halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyň subut edýär.
«Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurulan we umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän toplum birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär.
Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.
Merkezi binanyň gapdalynda umumy binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan işewürlik merkezi gurulan. Umumy meýdany 25 müň inedördül metrden gowrak bolan 12 gatly täze işewürlik toplumynda binagärligiň häzirki zaman gazananlary we däp bolan milli usullar sazlaşykly utgaşýar.
Atamyrat ŞÜKÜROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler