Dünýä ýüzünde bank ulgamynyň kämilleşmegi bilen banklaryň görnüşleriniň sany artdy. Olaryň arasynda iň amatlysy sanly bank ulgamydyr. Sanly bank ulgamy elýeterliligimizi, çeýeligi we has giň hyzmatlary hödürläp, maliýe ulgamyny dolandyrmak usulymyzy üýtgetdi.
Sanly bank ulgamy näme?
Sanly bank – bu elektron görnüşinde ulanyjylar üçin hödürlenýän islendik görnüşdäki bank hyzmatynyň görnüşidir.
Sanly ulgamdaky bank işi: Noutbukyňyzda ýa-da ykjam telefonyňyzda ygtybarly web sahypasy arkaly hasaplaryňyza girmek we amallary ýerine ýetirmek mümkin.
Onlaýn töleg ulgamlary: Bank hasaplaryň üsti bilen göni pul ibermäge we almaga mümkinçilik berýän dürli görnüşli platformalar arkaly hyzmat etmek.
Sanly görnüşdäki gapjyklar: islendik görnüşdäki kartlaryň kömegi bilen hasabymyz baradaky maglumatlary ykjam telefonlaryň ýa-da enjamyň kömegi arkaly aragatnaşyksyz tölegler geçirmek mümkin.
Sanly bank hyzmatlaryny ulanmagyň ähmiýeti:
Howpsuzlyk: Banklar maglumatlaryňyzy goramak üçin berk howpsuzlyk çärelerini ulanýarlar.
Amatlylygy: Maliýe serişdeleriňizi islendik ýerden, islän wagtyňyz dolandyrmak mümkinçiligiňiz bar.
Tizlik we netijelilik: Amallary çalt we aňsat ýerine ýetirmek mümkin.
Adaty bankdan tapawudy: Sanly bank ulgamy adaty bank işi bilen deňeşdirilende köplenç pes tölegler bilen amala aşyrylýar.
Sanly banklaryň görnüşleri
Sanly bank hyzmatlaryny hödürleýän edaralaryň iki esasy görnüşi bar:
Adaty banklar: Döredilen banklaryň köpüsi, fiziki şahamçalary bilen birlikde ygtybarly sanly bank platformalaryny hödürleýärler.
Neo-banklar: Bular fiziki şahamçalary bolmadyk bütinleý onlaýn banklar.
“Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir, türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýnasydyr” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Türkmenistanda dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri amala aşyrmagyň ykjam goşundylarynyň ornaşdyrylan wagtyndan bäri “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala” bank kartlary ýaly bank önümi arkaly hem-de “Internet-bank”, “Mobile bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl tölegleriň mukdary artýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Sanly özgertmeler müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, ýardam eder.
Bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň ähli ýerde tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.
Terminallaryň üsti bilen bank kartlary arkaly söwda hem-de hyzmat merkezlerinde satyn alnan harytlar we hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik togy). Şeýle hem Türkmenistanyň pasportyny alanyňda, onuň ýiten ýagdaýynda pasporty çalşanyňda, ýaşaýan ýeriňi üýtgedeniňde we beýlekiler üçin tölegleri geçirmek bolýar.
Ýurdumyzyň banklary ýyllyk 5 — 7 göterimli “Goýum bank karty” açmak boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Onda “Maşgala” karty esasynda müşderiniň islegi boýunça maşgala agzalary kesgitlenen mukdaryň çäklerinde töleg kartynyň serişdelerini ulanyp bilýärler.
Häzir Türkmenistanda ulanylýan bank kartlarynyň möçberi 5,5 milliondan (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä 01.04.2024ý) geçdi.
Aýlar Nuryýewa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.
Teswirler