Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň Funtow obasyndaky orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy. Muzeýiň açylyşyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň ýolbaşçysy we wekilleri, sebitiň degişli düzümleriniň wekilleri hem-de orta mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti täze muzeýe gymmatly eksponatlary – suratlary we şaý-sepleri gowşurdy. Muzeýde milli eşikler, bezegler we döredijilik eserleri, Magtymguly Pyragynyň suratlary ýerleşdirilipdir.

Muzeýiň açylyş dabarasynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Haýdarow türkmen halkynyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada jikme-jik gürrüň berdi.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar täze muzeýiň eksponatlaryna tomaşa edip, türkmen alkynyň milli gymmatlyklaryna ýokary baha berdiler.

Güneş MUHAMMETMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok