Ýöne bir çöl däl bu humly hazyna

Garagum çöli XVIII asyrdan başlap çöli öwrenijileriň üns merkezinde boldy. 1893-nji ýylda Wladimir Lýontiýewiç Komarow gadymy Üňüz çöketligini öwrenmek üçin Derwezäniň guşlugyndaky Şyh guýusyna, ondan gaýralygyna-da ýüz kilometre çenli gidýän Uzboý hakynda ilkinji çaklamalary aýdýar.

Başga ýerlileriň Garagumuň jümmüşinde, howply-hatarly ýollarynda ýabany ýatyp turmasy ýöne ýere däl. Gaýry ýurtlaryň uly-uly çölleri hakda pylan zat diýip durman, her birimize juda ýakyn Garagum hakda aýtmaly bolsa, ol bir ýöne çöl däl-de humly hazyna.

Eýýäm geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda akademik Ý.I.Fersman Merkezi Garagumda düýpli barlaglara başlaýar. Garagumyň jümmüşinde ýurduň senagatyna, ykdysady kuwwatyna oňyn täsirini ýetirýän tebigy baýlyklaryň ençeme gory bar. Aýdylyşyna görä Garagumyň 10 mln gektar töweregi meýdany takyrlyklardyr.

Çöl hemişe suwuň zary. Suw indi Garagum çölüniň üstüne geldi, onuň täze ömri başlandy. 2000-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen asyr bilen ady bir Altyn asyr Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegi diňe bir türkmen halkyny däl eýsem tutuş dünýäni begendirdi. Garagum geljekde ýaşaýşyň möwç urýan ýerine öwrüler. Emeli derýanyň gum içinden geçmegi şol takyrlyklary özleşdirmäge mümkinçilik berer. Ýer astynda nebiti, gazy bolan Garagum çölüniň üstünde öri meýdanlarynyň oty gektaryna 65 sentnere çenli barar.

Annagözel ŞANAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok