Ýaponiýa 2025-nji ýylda kosmosdan Ýere gün energiýasyny iberer

Häzirki wagtda kosmos esasly gün energiýasynda proses çalt ösýär we bäsdeşlik artýar. Bu nukdaýnazardan, 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň hemrasy arkaly kosmosdan gün energiýasyny Ýere iberer.

Ýaponiýanyň gözleg institutynyň Ýaponiýa kosmos ulgamlary boýunça geňeşçisi Halkara konferensiýanyň çäginde çykyş edip, Ýaponiýanyň pes Ýer orbitasyndan simsiz görnüşde energiýa geçirjek, kiçi kosmos esasly gün elektrik stansiýasynyň orbital synagynyň ýol kartasyny paýlaşdy. Şoňa laýyklykda, Oisama atly taslamanyň çäginde Ýaponiýa 2025-nji ýylda ilkinji gezek kosmos esasly energiýa eýe bolar.

Ýaponiýa 2025-nji ýylda kosmos esasly gün energiýasynyň synaglaryna başlamagy meýilleşdirýän hem bolsa, ABŞ geçen ýyl muny amala aşyrdy. Şeýle-de bolsa, şondan bäri bu sebitdäki ýaryş möwjeýär we şol bir wagtyň özünde global ýylylyk sebäpli gazylyp alynýan ýangyçlardan daşlaşmak isleýän ýurtlar hem köpelýär.

Ýapon hemrasynyň takmynan 180 kilograma barabar boljakdygyny we takmynan 1 kilowat güýji 400 kilometr beýiklikden Ýere geçirjekdigini aýtdy 1 kilowat energiýa, gap-gaç ýuwýan maşyny ýa-da kiçi durmuş enjamlaryny bir sagada çenli işledip bilýän güýç mukdarydyr. Sputnik hemrasyna gurlan batareýasyna 2 inedördül metrlik fotoelektrik paneli ulanyp zarýad berer. Soňra toplanan energiýa mikrotolkunlara öwrüler we Ýerdäki kesgitli kabul edijä geçiriler.

Kosmos gämisi sagatda 28,000 km ýaly gaty çalt hereket edýändigi sebäpli, antenna elementleri ýeterlik energiýa geçirmek üçin takmynan 40 km meýdanda 5 km aralykda ýaýramaly bolar. Sputnigiň Ýere ýygnan energiýasyny şöhlelendirmegi üçin birnäçe minut gerek bolsa-da, batareýany güýçlendirmek üçin birnäçe gün gerek bolar.

Merdan BATYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok