Meşhur alym ekosistemany öwrenmek üçin adada 8 aý ýalňyz galar

Täze Kaledoniýaly alym Matthieu Juncker 8 aýlap Fransiýanyň Polineziýasyndaky kiçijik adada howanyň üýtgemeginiň täsirlerine has gowşak täsirli ekosistemany öwrenmek üçin wagt geçirer.

Alym tebigatçy şeýle gürrüň berýär: “Yns-jynsyň ýok ýerindäki ada gitmek we ýeke ýaşamak meniň üçin çagalyk arzuwymdy. Bu täze tejribe bilen daşky gurşawyň ýagdaýyny we tebigata edilýän basyşlary ylmy taýdan öwrenmek isleýärin.”

Alym Fransuz Polineziýasynyň gündogaryndaky arhipelag Tuamotudaky tokaýlyk adada öz gözleglerini geçirer. Ol adadaky balykçylyk we ösümlik serişdeleri bilen iýmitleniş zerurlyklaryny kanagatlandyrar.

Alym 8 aýlyk başdan geçirmesinde, adada balyk tutmak we ösümlik serişdeleri bilen iýmitleniş zerurlyklaryny kanagatlandyrar. Bu ekspedisiýanyň dowamynda alym diňe ýagyş suwlaryny ownuk süýjediji enjam bilen gaýtadan işlemek arkaly agyz suwuny garşylar.

Ýeri gelende aýtsak, alym bu kiçi adajykda, ýitip ýok bolmak howpy abanýan endemiki guş görnüşlerini we ýabany tebigaty gözden geçirer.

Päkize MYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok