Hindistanda takmynan 47 million ýyllyk ýylan galyndylary tapyldy

Hindistanyň günbataryndaky Gujarat welaýatynyň goňur kömür käninden gadymy 47 million ýyllyk 27 ýylan oňurgasy tapyldy.

Alymlar oňurganyň hindi mifologiýasyndaky “ýylan şasy” diýlip atlandyrylýan we uzynlygy 11-15 metr diýip çaklanylýan “Vasuki indicus” diýip atlandyrýan ýylanyň bir görnüşine degişlidigini aýdýarlar.

Gözlegçiler, bu ýylanyň takmynan 47 million ýyl ozal Hindistanda ýaşandygyny, ýylanyň uly pifona meňzeýändigini we zäherli däldigini, agramynyň 1 tonna ýetendigini mälim etdiler.

Gözlegçiler, 2005-nji ýylda ýüze çykarylan “Vasuki indicus” oňurgaly galyndylaryny, ýylanyň takmynan ululygyny kesgitlemek üçin janly ýylan süňkleri bilen deňeşdirýändiklerini mälim etdiler.

Alymlar ýylanyň ululygyny göz öňünde tutup, haýal hereket edýän ýyrtyjydygyny berýärler. Gözegçiler ýylan galyndylarynyň töwereginde başga-da birnäçe balyklaryň, pyşbagalaryň, krokodilleriň we kiçi kitleriň galyndylaryny ýüze çykardylar.

Oguljennet JUMAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok