Dünýäniň iň uly şäheri

Tokio bu dünýädäki iň uly şäher bolmak bilen ol ýerde 38,1 mln (01.03.2024ý) adam ýaşaýar. Tokio bu Ýaponiýanyň paýtagt şäheri bolmak bilen bir hatarda ýurduň syýasy we ykdysady merkezi hem hasaplanýar.

Tokioda ýapon Imperatorynyň köşgüniň ýerleşmegi şähere syýahatçylar akymynyň gelmeginiň esasy sebäpleriniň biridir. Dünýä ýüzünde ilatyň iň gür ýerleşýän ýeri hökmünde hasaba alnan bu şähere syýahat etmek isleýänlere internet sahypasyndan şäher barada has gyzykly maglumatlary we täsinlikleriniň sanawyny topladyk.

  1. Dünýäde ýeke täk Balyk bazarynyň ýerleşýän şäheridir.
  2. Tokio şäherine syýahat etmek isleýänlere hökmany suratda “Tokio” telewizion başnýasyny, Hatiko ýadygärligini, Ýapon Imperatorynyň köşgüni baryp görmekligiňizi maslahat berýäris.
  3. Sibuýa diýlip atlandyrylan çatrykda 7 sany uly ýol birleşýär we dünýädäki iň täsin ýol taslamalarynyň sanawyna girizilendir.
  4. Jemgyýetçilik ulaglarynda iýip içmek, telefonda gürleşmek düýbünden gadagandyr.
  5. Kafelerde we restoranlarda iýip-içenden soň töleg tölände “çaý puly” hökmünde artyk pul goýup gitmek gadagandyr.
  6. Ýapon medeniýetinde köpçülikleýin ýazgarylýan zat “tatuirowkadyr”.
  7. Ýaponiýada ilat kosmetiki serişdeleri iň az ulanýan halk diýlip hasaba alnandyr.

Gözel DÖWLETOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok