Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň arassa ganlylygyny gorap saklamak, köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek, onuň şöhratyny dünýä doldurmak babatynda ýurdumyzda uly özgertmeler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Onuň ýaşaýşynyň her bir pursadynda bedew atyň aýratyn orny bar. Türkmen halky häzirki döwürde bolşy ýaly, geçmişde-de şatlykly gününde-de, toý-baýramlarynda-da toýuňy giňden tutup, at çapdyryp gabak atdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem, özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurupdyr. Şonuň üçin hem ol bedew atyny özüne diňe bir wepaly dost däl, eýsem dogan hasaplapdyr. Taryhda atyň ilkinji eldekileşdirilen ýeri Türküstan bolşy ýaly ony ilkinji eldekileşdirenler hem türkmenlerdir.
Arap ýazyjysy Al-Şahyz IX asyrda türkmenler dogrusynda ýazyp ýazgysynda türkmen ýigitleriniň atyň üstünde geçiren wagtynyň has köpdügini belleýär. Arap awtorynyň bu ýazgysy bedew atyň türkmen durmuşyna neneňsi giňişleýin ornaşandygyny görkezýär.
Suraýa HAŞYMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler