Adamzadyň ýeten iň çuň nokady: Kola Super çuň deşigi

Russiýanyň Kola ýarym adasynda ýerleşýän Kola Super çuň deşik, dünýäniň iň çuň emeli deşigi hökmünde bellidir. Sowet Soýuzy tarapyndan 1970-nji ýyllaryň ahyrynda başlanan bu taslama Ýeriň çuňlugyna ýetmegi maksat edinýärdi.

1989-njy ýylda tamamlanan buraw işleri 12,2 kilometr çuňluga ýetmek bilen Ýeriň iň çuň gabygyna aralaşdy. Bu Ewerest dagynyň we Fuji dagynyň beýikliginden has ýokarydyr.

Şeýle-de bolsa, bu uly üstünlige ýetmek aňsat däldi. Çuňlugyň ýokarlanmagy bilen buraw topary temperatura, basyş we beýleki tehniki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldylar.

Sowuk uruş döwründe ýurtlaryň arasyndaky bäsleşigiň bir bölegi hökmünde başlanan taslama, Ýeriň iň ýokarky gatlagyndan, iň çuň nokadyna ýetmekdi. Bu taslama çuň buraw işlerinde täze maglumatlary öwrenmegi maksat edinýärdi.

Çukuryň çuňlugyndaky temperatura 180°C-e ýetdi we netijede buraw işleriniň togtadylmagyna sebäp boldy. Ýerli ýaşaýjylar bu çukurdan dürli ruhlaryň sesiniň eşidilýändigini aýdýarlar.

Täç MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok