Ýaşy subut edilen we dünýäniň iň uly, iň gadymy we ajaýyp çynar agaçlarynyň hataryna giren “Gedelme çynar agajy” tebigaty söýýänleriň ünsüni özüne çekýär.
Çynar agajynyň ýaşynyň 2 müň 700 ýyl diýip kesgitlenendigi we gapdalynda ýerleşýän Gedelme galasyndan has köne bolmagy agajy diňe bir ajaýyplygy bilen däl-de, eýsem taryhy şaýatlygy bilenem aýratynlaşdyrýar.
Bu çynar Antaliýanyň Kemer etrabyndan 700 metr belentlikde ýerleşýän Gedelme platosynda ýerleşýär. Äpet çynar agajynyň uzynlygy 28 metr, diametri 4,54 metr we perimetri 14,26 metr bolup durýar.
Kemer etrabyndan takmynan 15 km uzaklykda ýerleşýän äpet çynar agajyny görmäge tomus aýlarynda günde takmynan 1000 adam gelýär.
Ruslan ÝAKUBOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler