Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz hemmetaraplaýyn derejede ösýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny kemala getirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» etrapdyr welaýatlarymyzda azyk, guşçulyk, et-süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin zerur bolan şertler hem döredilýär. Durnukly ykdysady ösüşiň çygrynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalary hem-de özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Maýa goýum syýasatynyň netijeliligi has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alnyp barylýar. Gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Maksatnamalaýyn alnyp barylýan işleriň netijesinde önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar, täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurlup döwrebaplaşdyrýar. Döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümlerimiziň möçberi ýylsaýyn artýar. Kämil, ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, sebitlerimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit taslamalary ýola goýlup, bu ugurdaky şertleri yzygiderli gowulandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilýär, bilelikdäki işewürlik maslahatlary geçirilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, eksporta gönükdirilen önümçilikleri döretmek, ähli sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ylym-bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirilýär. Umuman, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli alnyp barylmagy ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşany bolup çykyş edýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler