NASA – Aýdaky ýer titremelerini ölçemegi meýilleşdirýär

Aýyň daşky gurşawyna gözegçilik stansiýasy (LEMS), kosmonawtlaryň 2026-njy ýylda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän “Artemis 3” missiýasynda Aýa alnyp baryljak ýüküň hataryna goşulmaga dalaş edýär. Özbaşdak işleýän, ykjam seýsmograf Aýyň günorta polýusynda ýer titremeler sebäpli döreýän ýeriň yryldy hereketlerine yzygiderli gözegçilik eder.

“Apollon” missiýalarynda adamlar soňky gezek Ýeriň emeli hemrasyna aýak basanlarynda, Aýyň ýüzüne seýsmograflary ýerleşdirildi we ilkinji ýer titremeleri ýüze çykaryldy. Şeýle-de bolsa, 1969-njy we 1972-nji ýyllar aralygynda gurnalan bu missiýalar Aýyň ekwatoryna ýakyn we Ýere tarap maglumatlary ýygnady. NASA-nyň täze wezipesi bilen Aýyň günorta polýusynda seýsmiki maglumatlary öwrenmek bu sebitiň adam ýaşaýşyna laýykdygyny ýa-da däldigini anyklamak maksatlydyr.

Ýer titremeleri esasan Ýer bilen hemranyň arasyndaky agyrlyk güýji sebäpli ýüze çykýar, bu agyrlyk güýji hem tolkunlara sebäp bolýar. Beýleki bir sebäp, Aýyň gündizine 121 gradusdan gije minus 133 gradusa düşmegidir. Bu uly aralykdaky temperaturanyň üýtgemegi, aýyň giňelmegine we gysylmagyna sebäp bolýar we şok döredýär. Şol sebäpli seýsmiki maglumatlar aýyň aşagynda bolup geçýän zatlara düşünmäge goşant goşar.

Arzygül GYLYÇLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok