Gyrgyzystanda suw joşmasy!

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň beren beýanyna görä, Oş sebitiniň Kara-Kulja etrabynyň Myrzake-Kara-Kulja-Alaýku awtoulag ýolunda suw joşmasy döredi. Häzirki wagtda awtoulag ýoluny ulanyşa açmak üçin işler dowam edýär.

Suw joşmasy sebäpli Alaý etrabynyň Toguz-Bulak obasynda hem 34 öýe sil sebäpli zeper ýetdi 5-den gowrak öýüň we orta mekdebiniň ýerzeminini suw basdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok