Geljek 10 ýylda öý işleriniň 39 göterimini robotlar ýerine ýetirer

Angliýanyň Oksford uniwersitetiniň we Ýaponiýanyň Ochanomizu uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren gözlegine görä, geljek 10 ýylda öý işleriniň 39 göterimi robotlar tarapyndan amala aşyrylar.

Iki uniwersitetiň gözlegçileri 65-den gowrak emeli aň (AI) hünärmeninden geljek 10 ýylda öý işlerinde awtomatlaşdyrmagyň güýjüniň nähili emele geljekdigi baradaky pikirleri soraldy. Gözlege Angliýadan 29 we Ýaponiýadan 36 sany emeli aň hünärmeni gatnaşdy.

“PLOS One” žurnalynda çap edilen gözlegde, hünärmenler awtomatlaşdyrmagyň iň köp täsir etjek işiniň azyk söwdasy boljakdygyny çakladylar. Emeli aň tehnologiýalaryna iň az täsir etjek iş çagalara we garrylara ideg etmekdir.

Gözlegçiler, iňlis erkek hünärmenleriniň zenan kärdeşlerine garanyňda öý işlerinde awtomatlaşdyrmaga has oňyn garaýandyklaryny, bu ýagdaý Ýaponiýada tersine bolandygyny aýtdylar. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň awtomatlaşdyryp biljekdigini pikir edýän meseleleri dürli-dürli bolup durýar.

Mähri KURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok