Ukynyň ýaşa uly täsiri bar

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň gözlegçileri ýeterlik uky bilen ukusyzlygyň ýaş bilen baglanyşygyny gözden geçirdiler. Gözlegleriň çäginde, 18-70 ýaş aralygyndaky 429 adamdan soňky 1 aýda näçe gije ýeterlik uky alandyklary we ýeterlik bolmadyk günlerinde özlerini nähili duýandyklary soraldy. Alnan maglumatlara psihologiki gözleglerde ulanylýan adaty masştab boýunça baha berildi.

Gözlegiň netijesinde, alymlar her gün ýeterlik uky alýanlaryň özlerini 6 ýaş töweregi ýaş duýýandygyny ýüze çykardylar. Bu gözlegden soňra, 18-46 ýaş aralygyndaky 186 meýletinçiniň yzly-yzyna iki gün 4 sagat uklanda nähili duýandyklary gözden geçirildi. Synaglaryň netijesinde yzly-yzyna iki gün bary-ýogy 4 sagat ýatan meýletinçileriň öz ýaşyndan takmynan 4-5 ýaş uly görünýändigi ýüze çykaryldy.

Umuman alymlar, adamlaryň az uky alanda özlerini oňaýsyz we birahat duýýandyklaryny, kadaly şeýle-de ýeterlik uky alýanlaryň bolsa özlerini has-da durmuşa höwesli, duýgur, şadyýan hem-de ýaş görünýändigini mälim etdiler.

Şunlukda, Şwesiýanyň Karolinska institutynyň gözlegçileri ukynyň ähmiýetine ünsi çekip, kadaly we ýeterlik ukynyň ýaşlardan başlap, garry adamlara çenli uly täsiriniň barlygyny belleýärler.

Gülşat PENAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok