Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri we “SpaceX” we “Tesla” ýaly kompaniýalara eýe bolan Elon Musk, ýaňy-ýakynda satyn alan we adyny Twitter-den X diýip üýtgeden sosial media platformasynda düýpli üýtgeşmeler üçin düwmä basdy.
Sosial mediany işjeň ulanýan Elon Musk, täze ulanyjylaryň platformany ulanmak üçin “az mukdarda” töleg tölemeli boljakdygyny habar berdi. Platformadaky bot hasaplaryny ýok etmek üçin bu usuly durmuşa geçirjekdiklerini mälim eden Musk, bu barada “X” hasabynda belläp geçdi.
Täze karar bilen ulanyjylar platformadaky ýazgylary halamak we paýlaşmak üçin pul tölemeli bolarlar. “X” – bu synag taslamasynyň Filippinlerde we Täze Zelandiýada eýýäm başlandygyny, ýyllyk abuna tölegi üçin 1 dollar talap ediljekdigini mälim etdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, abuna tölegini tölemeýänler diňe mazmuny okap biler.
Merýem KAKAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler