“Microsoft” ultra-realistik wideolary döredip biljek emeli aň modeli bilen tanyşdyrdy

“Microsoft” – ýekeje wizual we ses ýazgysy arkaly ultra-realistik wideolary döredip bilýän “VASA-1” emeli aň modeli bilen tanyşdyrdy. Modeliň häzirlikçe giňden elýeterli bolmagy meýilleşdirilmeýär.

Emeli aň tehnologiýalarynyň iň özüne çekiji aýratynlyklaryndan biri, hakykydan tapawutlanmaýan şekilleri we sesleri döredip bilmegidir. “Microsoft” gözlegçileri tarapyndan işlenip düzülen “VASA” ulgamy munuň iň täze mysalydyr.

“VASA” emeli aň ulgamy, hakykatdanam bir surat we ses ýazgysy bilen çyna berimsiz gürleýän ýaly görünýän ýüzleri döredip bilýär. Bu emeli aňa wizual we ses ýazgy berlende, gaty hakyky netijeler ýüze çykýar. “VASA-1” ýüz keşbini, sinhronlaşdyrylan dodak hereketlerini we gijikdirilmän doly gabat gelýän tebigy kelle hereketlerini döredip bilýär.

“VASA-1” emeli aň modelini ulanýanlar döredilen wideolara hem gözegçilik edip bilerler. Olar gahrymanyň nazaryny we aralygyny, hatda emosional ýagdaýyny hem üýtgedip bilerler. Iň täsir galdyryjy aýratynlyklaryndan biri bolsa, çeper suratlardan başlap aýdymyň sözlerine, iňlisçe däl sözlere çenli köp dürli maglumatlar bilen ýokary çözgütli wideolar döredilip bilinmegidir.

Elbetde, bu emeli aň modeli käbir aladalary özi bilen getirýär. Ýagny, “VASA-1” sosial mediýada galp suratlaryň we wideolaryň sanyny artdyryp biler. Şol sebäpli “Microsoft” şeýle nogsanlyklara ýol bermejekdigini mälim etdi.

Yhlas GELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok