Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) 1,441 milliard ilaty bolan Hindistanyň “dünýäde iň köp ilatly ýurt” bolandygyny habar berdi. Şeýle hem gazna dünýäde demografiýanyň peselýändigini belläp geçdi.
Gazna dünýä ilatynyň 8,119 milliarda ýetendigini belläp, Hindistanyň 1,425 milliard ilaty bolan Hytaýdan öňe geçip, birinji ýeri eýeländigini mälim etdi.
BMG-nyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty 1,426 milliarddan soň peselmäge başlady. Hünärmenler şu asyryň ahyryna çenli Hytaýyň ilatynyň 1 milliarddan hem pese gaçjakdygyny çaklaýarlar.
Ýeri gelende belläp geçsek, alymlaryň geçiren giňişleýin gözleginiň netijesinde ýakyn wagtda dünýäde ilat krizisiniň boljakdygyny ýüze çykardylar.
“Lancet” lukmançylyk žurnalynda çap edilen gözleg, her 4 ýurtdan 3-siniň 2050-nji ýylda “ilat azlygy” howpuna duçar boljakdygyny ýüze çykardy. Alymlar bu ýagdaýy “garaşylmadyk jemgyýetçilik üýtgemesi” diýip häsiýetlendirseler-de, bu derejäniň 2100-nji ýyla çenli 97 göterime çenli ýokarlanyp biljekdigini mälim etdiler. Şeýle hem ýurtlaryň gurluşyny üýtgetjek bu waka sebäpli Angliýa we ABŞ ýaly “öňdebaryjy ýurtlaryň” immigrasiýa garaşly boljakdygy mälim edildi.
Oguljennet JUMAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler