Daşkentde «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisi geçiriler

22-nji aprelde Daşkent şäherinde «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisi öz işine başlar. Oňa 10 müňden gowrak adam we 400 kompaniýanyň wekili gatnaşar.

Halkara serginiň işewürlik meýilnamasy halkara we sebit derejesinde senagat hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny we gurallaryny ara alyp maslahatlaşmalary öz içine alýar.

Çäre «Merkezi Aziýada halkara senagat hyzmatdaşlygy: senagat we tehnologik öňdebaryjylar bilen hyzmatdaşlyk» atly esasy plenar mejlis bilen açylar. Şeýle hem serginiň çäklerinde «ýaşyl» ulag; senagat kärhanalaryny toplumlaýyn dolandyrmak ulgamynda sanly çözgütler; Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlyk we sebitleriň hyzmatdaşlygy; «arassa» energetika we ýangyç-energetika toplumynda innowasiýalar; standartlary sazlaşdyrmak; ulag infrastrukturasyny ösdürmek; senagat logistikasy; senagat tehnologiýa parklarynyň halkara maýa goýum ekoulgamyny döretmek ýaly möhüm ugurlar boýunça mowzuklaýyn çekişmeler guralar. Olara Merkezi Aziýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we beýleki ýurtlardan işewür toparlaryň wekilleri gatnaşarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, senagat ösüşiniň täze nokatlaryny kesgitlemäge, işewür gatnaşyklar ýola goýmaga we bilelikdäki önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Gunça ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok