Çärjewli babadaýhanlar 1533 gektar meýdana dürli ekinleri ekdiler

Çärjew etrabynyň babadaýhanlary 1533 gektar meýdanda ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki ekinleri ekdiler. Ýazlyk soganyň ekişi bu ýerde fewral aýynyň soňky ongünlüginiň ortalarynda tamamlandy.

Ýer eýeleriniň yhlasly zähmeti netijesinde azyklyk önümleriň bolçulygy döredilýär. Etrapda daýhan hojalyklarynyň we önüm öndürijileriň uly topary gök we bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Şu günlerde ýazlyk ýeralma ideg edilýär. Ýazlyk ýeralma 480 gektar meýdanda ekilip, şonça meýdandan 6720 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirildi. Ýeralmanyň aglaba bölegi şu ýyl «Tebigy ekin» daýhan hojalygy tarapyndan ekildi. Bu ekini ekip, bol hasyl almakda hususy önüm öndürijileriň hem uly paýy bar.

Etrabyň ekerançylarynyň sogan ýetişdirmekde hem baý iş tejribeleri bar. Olar her ýylda sogan ekilen meýdanlaryň her gektaryndan 250 sentnerden geçirip, hasyl ýygnamagyň hötdesinden gelýärler. Etrapda ýazlyk sogan 230 gektar ýerde ýetişdirilýär. Şu ýyl bu iş ynanylan kärendeçiler Ýylgynagyz, Bataş ýaýlalaryndaky ýerlerinde soganyň ekişini welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda irgözinden tamamladylar. Tejribeli ekerançylar sogan eken meýdanlaryndan 5750 tonna hasyl ýygnajakdyklaryny ynam bilen aýdýarlar. Olar şu günlerde ekiniň idegini ýetirýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, daýhanlarymyz hormatly Prezidentimiziň özleri baradaky aladalaryndan ruhlanyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Ilatyň saçagyna hödürlenilýän ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyklyk önümleriniň görnüşleri yzygiderli köpelýär.

Arzuw GURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok