Ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary netijeli häsiýete eýe bolýar, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we täze taslamalar bilen üsti ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylmagy ýurdumyz üçin möhüm waka bolup, ähmiýetli ugur bolan ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlip, uzynlygy 600 kilometr bolan bu ýoluň birinji tapgyrynyň Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylda açylypdy. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen, Tejen – Mary we Mary – Türkmenabat tapgyrlarda amala aşyrylýar.

Bellemeli zatlaryň biri-de, bu awtomobil ýolunyň birinji tapgyry awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyk gelýänligi hem-de onuň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygy guwandyryjydyr. Munuň özi ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny we barha pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün edýän Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanýandygyny aýdyň subut edýän ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Ýokary tizlikli awtomobil ýoluň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we tiz kömek merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygyň ýörite nokatlary, awtoduralgalar, sürüjiler we ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, ýangyç guýujy beketler we beýleki desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň düzüminde gözegçilik kameralary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulypdyr. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garagum sährasynyň çäginden geçýändigi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylmagyny hem şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, BMG tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gönükdirilen degişli Kararnamalar biragyzdan kabul edilýär. Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy bilen 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan edildi. Munuň özi ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artýandygyny doly äşgär edýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok