Türkmen bazaryna Özbegistandan 552 sany gaz plitasy import edildi

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy.

Hasabat döwründe Özbegistan türkmen bazaryna 552 sany gaz plitasyny eksport edipdir. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtdan gaz plitalaryny satyn almakda bäşinji orny eýeledi.

Türkmenistan bilen bir hatarda, ilkinji bäşlikde Gazagystanyň (5,4 müň sany), Täjigistanyň (1,5 müň sany), Gyrgyzystanyň (851 sany) we Russiýanyň (723 sany) ady bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň iki aýynda Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen baran daşary ýurtlularyň 70 göterimden gowragy türkmenistanlylar bolup durýar.

Aýgül ÖWEZOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok