Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüş ýolunda

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa ösüşiň ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de çuňňur oýlanyşykly meýilleşdirilen maksatnamalaryna daýanýar. Milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ösüşine täsir edýän şertleriň ählitaraplaýyn seljerilip, netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri ykdysadyýetiň durnukly ösüş depgininiň saklanýandygyny, saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklaýar.

Ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» aýdyň şöhlelenýär. Bu strategiýa halk hojalygynyň düýpli özgerdilmegini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we sanlylaşdyrylmagyny, bazar ykdysadyýetiniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli sazlaşdyrylmagyny, iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny, ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan okgunly ösüşini dowam etdirýär. 2023-nji ýylyň görkezijileri hem makroykdysady durnuklylygyň berkidilýändigine we ykdysady kuwwatyň artýandygyna, halk hojalygynyň senagatlaşma derejesiniň ýokarlanyp, bazar gatnaşyklaryna geçişiň çaltlanýandygyna, esasy pudaklarda, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda okgunly ösüşiň üpjün edilýändigine, ähli ugurlara sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Durmuşa geçirilýän netijeli işler indi birnäçe ýyl bäri jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6 göterimden ýokary derejede saklanmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijileriň — maýa goýumlaryň, eksportyň, içerki sarp edişiň we telekeçiligiň ösüşinde jemlenýändigini bellemek gerek. Ykdysadyýetde ýetilýän sepgitler durmuş ugurly taslamalary giň gerimde amala aşyrmaga, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmaga, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny, döwrebap söwda merkezlerini, bilim edaralaryny, saglygy goraýyş düzümlerini gurmaga mümkinçilik berýär.

Ata BEKIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok