Balary öýjüginde balarylaryň üç görnüşi bar. Ýagny olar: şa aýal ary, işçi ary we erkek ary. Şa aýal ary 3-5 ýyl ýaşaýar we ýeke-täk wezipesi köpelmek ýagny ýumurtgalamak bolup durýar. 15-20 ary bilen jübütleşýär we ýüzlerçe ýumurtga ýasaýar. Jübütlenenden soň erkek ary ölýär.
Işçi balarylary yzygiderli işleýärler. Işçi ary 12 sagat töweregi güllerden nektar ýygnaýar. Bir kilogram bal üçin arylar jemi 5,5 million güle gonýarlar. Işçi arylar üç aýlap öýjügiň içinde, üç aýlap bolsa öýjügiň daşynda jemi alty aýlap işleýärler. Işçi arylar ömrüniň dowamynda diňe bir çaý çemçesi balyň 12-den 1 bölegini ýasap bilýärler.
Ys alşy örän ösen duýgur balarylar, güllere gonanlarynda bu duýgularyndan peýdalanýar lar. Bu ukyplaryň kömegi bilen gülleriň iň ýakymly nektarlaryny ýygnaýarlar.
Arylar güllerden nektar ýygnap bal ýasaýarlar. Nektar ýygnamak prosesinde polenasiýa prosesini hem ýerine ýetirýär. Bu bolsa gülleriň diri galmagynda möhüm rol oýnaýar. Örän täsin we gudratly bu jandarlar iki aşgazanly bolup, olaryň birinde nektar bilen ýörite ferment garyşdyryp bal ýasaýarlar. Öz ýaşaýşyny bolsa beýleki aşgazany bilen dowam etdirýärler.
Balarylaryň iş mehanizmi ylmy dünýäni entegem haýran galdyrýar. Sebäbi olar özlerine berlen tabşyrygy doly we dogry ýerine ýetirýärler. Balarylar dürli ýerlerde bal ýasaýarlar. Bal ýasamazdan ozal höwürtgäniň her bölegini polen, ýagny balary mumy bilen gipsleýärler. Bu gips prosesi bilen, olar ýaşaýan ýerlerini izolirleýärler. Şeýlelik-de olaryň bal ýasaýan öýjüklerine hiç hili mör-möjek, janly-jandar gelip bilmeýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, ary baly özünde adam organizmine ýokumly 60 töweregi maddany jemleýär. Ary baly beýniniň, bagryň we aşgazanasty mäziň işleýşine oňyn täsir edýär, holesterini peseltmäge ýardamy bar, iýmit siňdirişi we ganyň düzümini gowulandyrýar.
Mähri KAKALYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler