Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyry bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen bölegine bäş sany halkara güwanama gowşuryldy.

Şularyň hatarynda:

– Ýaponiýanyň «NEC Telekommunikasion Ltd.» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasy;

– Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň«Ýokary tizlikli ýoluň wideo gözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasy;

– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy;

– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi» barada barada halkara güwänamasy;

– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň metodiki gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok