Baky bagtyýarlygyň hem abadançylygyň ýurdy bolan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasaty netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň ählisi döwletimiziň üstünliklerini rowaçlandyrmaga, amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz hem ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün edip, olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ýola goýulmagyna şert döredýär. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmeklerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty, beýik geljegi bolan ýaşlaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berilýär. “Ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr” diýip, nygtaýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň saglygynyň hemişe üns merkezinde saklaýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller barada hemmetaraplaýyn aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Täze taryhy döwürde bagtyýar ýaşlaryň döwrebap, ýokary derejede bilim almaklary, nurana durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, talyp ýaşlara okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra, “Ýaşlaryň şäheri” bolan Arkadag şäherinde hünär taýdan başarnyklaryny kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikleriň döredilendigi diýseň guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy ata ýurdumyzyň ýaşlarynyň buýsançly başyny has-da belende göterdi.
Biz ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebi Gahryman Arkadagymyzyň ylmy ähmiýetli üstünlikleri belent ýörelgeli ýoldur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly we beýleki ajaýyp kitaplary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri türkmen ýaşlary üçin nusgalyk mekdep bolup, nesillerde ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, päk ahlaklylygy, ylma teşneligi, sungata söýgini we ata Watana çäksiz buýsanjy terbiýelemekde möhüm çelgidir.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler