Türkmenistan «Galkan» bilen galkynýar!

Paýtagtymyzda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri şu bäsleşikdäki 3-nji uly hasaply ýeňişlerini gazandylar. Birinji oýunda Bahreýnden gelen topary 8:1, ikinji tapgyrda Omanyň hokkeý toparyny 15:1 hasabynda ýeňen türkmen hokkeýçileri Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparyny ýeňdiler-13:1.

Üçünji tapgyrdaky ýeňişden soň, «Galkanyň» hokkeýçileri «A» toparçada öňdeligi eýelemeklerini dowam etdirýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň «Galkan» topary 18-nji aprelde (ýerli wagt bilen 10:00-da) Özbegistanyň «Feniks» kluby bilen duşuşar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok