Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy we Gresiýadan Fransiýa syýahaty başlandy. 33-nji Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy 15-nji aprelde Olimpiýa oýunlarynyň gadymy şäheri bolan Gresiýa geçirildi. Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasyna Halkara olimpiýa komitetiniň başlygy we Pariž-2024 Guramaçylyk komitetiniň başlygy şeýle-de müňlerçe adam gatnaşdy.
Pariž mundan ozal 1900 we 1924-nji ýyllarda tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul edipdi, şonuň üçin 2024-nji ýylda şäher abraýly çäräni üçünji gezek geçirer.
Olimpiýa alawy gadymy grek däp-dessurlaryndan gözbaş alyp gaýdýan we häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynda möhüm nyşana öwrülen düşünje bolup durýar.
Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda ot ýakmak Olimpiýa şäherinden başlanýar we oýunlaryň geçiriljek şäherine äkidilýär.
Olimpiýa alawy, oýunlaryň dowamynda parahatçylygyň, agzybirligiň we sportuň ruhuny görkezýär. Ody ýakmak we oýunlaryň açylyş dabarasynda ulanmak türgenleriň we tomaşaçylaryň ruhlaryny birleşdirip halkara gatnaşyk döredýär. Olimpiýa alawy, Olimpiýa oýunlarynyň simwoliki we ruhy bölegi hasaplanýar.
Pariž-2024 Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda geçiriler.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.
Teswirler