«Gülleriň şasy» adyny alan bägüller ähli döwürde-de adamlar tarapyndan halanypdyr. Islendik tebigy şertlere uýgunlaşýandygy sebäpli, bu ajaýyp güller dünýäde iň kän ýaýran hem-de ýaşyl zolaklarda, seýilgählerde bezeg üçin köpçülikleýin ekilýän ösümlikdir. Bägüller görnüşi taýdan-da, ysy babatda-da köpdürli güldür. Ýyllaryň dowamynda gülçüler seçgiçilik arkaly, bägülleriň bir-birinden reňki, gurluşy, tebigy şertlere durnuklylygy, ysy taýdan tapawutlanýan müňlerçe görnüşini oýlap tapypdyrlar.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, bägüller miladydan öňki 500-nji ýylda ösdürilip başlanypdyr. Bägüller söýgini, hormaty, gözelligi we hyjuwy alamatlandyrýar. Dünýäde bägülleriň 300-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Täsin güllere, esasan, Aziýa yklymynda, mundan başga-da, Ýewropada, Demirgazyk Amerikada we Afrikada seýrek gabat gelmek bolýar. Bägül «rosa» diýen latyn sözünden gelip çykandyr. Olaryň her birine özboluşly gözellik mahsusdyr. Adatça bägülleriň 5 sany ýapragy bolýar. Ýöne olaryň «Sericea» görnüşi 4 ýaprakdan ybaratdyr. Bägüllere gyzyl, sary, gülgüne, ak we mämişi reňklerde duşmak bolýar.
Dünýäde iň gymmat ýag bägülüň ýagydyr. Çünki onuň bary-ýogy 1 litrini taýýarlamak üçin 3 tonna bägül ýapragy gerek bolýar. Bägül ýagynyň bahasy hatda altyndan hem gymmat hasaplanýar. Bägülüň ysynyň adamy rahatlandyryjy täsire eýedigi subut edildi. Şol sebäpli bägülüň ysyny daş-töwerege ýaýradýan ys beriji serişdeler beýlekilere görä has köp ulanylýar.
Türkmenistanyň şertlerinde bägüller aprel aýynyň 3-nji çärýegi we maý aýynyň başy aralygynda gülläp başlaýar, noýabr aýynyň ikinji ýarymynda bolsa gülleýär. Bägülleri ekmegiň we ideg etmegiň özboluşly kadalary bar. Olary ekişe taýýarlamak we ekmek işlerini güýzde ýerine ýetirmek has netijeli bolýar. Bägüller ýagtylyk söýüji ösümliklerdir. Bägüller salkyn, ýelsiz günleri ekilmeli. Bir kökli bägüller oturdylanda gazylan çukura bägülüň köki baldaga geçýän ýerinden oturdylýar. Bägüller üçin iň gowy dökün ders we beýleki organiki dökünlerdir, sebäbi organiki dökünler düzüminde ähli zerur iýmit maddalaryny saklaýar.
Aýnur MYRADALYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler