Alymlar ýagşyň we bulutlaryň Günorta ummanyň üstündäki howany dünýädäki iň arassa howa etmeginde möhüm rol oýnaýandygyny anykladylar.
Antarktika ummanynda adam işjeňligi az bolsa-da, ony deňizdäki duz, ýelleriň tozany ýa-da fitoplankton diýilýän ösümlik ýaly ownuk organizmleriň bölejikleri ýaly tebigy çeşmelerden çykýan aerozollar bilen hapalanýar. Ýöne gözlegçiler Antarktika ummanyndaky atmosferany arassalamakda bulutlaryň we ýagşyň möhüm rol oýnaýandygyny aýdýarlar.
Alymlar bu ummanyň giň sebitlerinde dürli bulut nagyşlaryny ýüze çykarmak üçin täze nesil hemralaryndan maglumatlary ulanyp, kompýuter programmasyny döretdiler. Hünärmenler howany kadalaşdyrmakda möhüm rol oýnaýandygy belli bolan bal ary görnüşindäki bulut nagyşlaryny aýratyn gözden geçirdiler.
Alymlar bulut derňewi baradaky maglumatlary Tasmaniýadaky Keýp Grim obserwatoriýasynyň aerozol ölçegleri we Awstraliýanyň Meteorologiýa býurosynyň ýagyş synlary bilen deňeşdirdiler. Alymlar bu bulutlaryň aerozol bölejiklerini howadan “ýuwup”, wagtal-wagtal, güýçli ýagyş döredip bilýändigini aýdýarlar. Bu arassa bulutlar çyglylygy saklaýan we ak, ýapyk bulutlardan has köp ýagyş ýagmagyna sebäp bolýar.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu täsin bulutlar Demirgazyk Atlantik we Demirgazyk Ýuwaş umman sebitlerinde-de duş gelýär. Geljekki gözleglerde alymlar bu sebitlerdäki bulutlaryň tozan we kir ýaly aerozollary nädip arassalaýandygyny düşündirmegi umyt edýärler.
Baýramguly NURMUHAMMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler