Maňlaý ýazgydyňda ýazylan bolsa
Ýer ýumrulsa, ýol görkezer gerekse,
Diýipdirler “Yhlas bilen aglasaň,
Sokur gözden ýaşam çykar gerekse”
Söýülmeklik üçin bolmaly sada,
Ýöne bardyr şeýleräk belli kada
Durmuşyň öňünde bolmagyn sada
Gödekligem bilgin, bolmak gerekse.
Buýsanar il, gorkar namart mert ärden,
“Näçe ekseň gül gögermez şor ýerden”
“Gül däl, tokaý dörär bir damja derden,
Halka serem, derem gurban gerekse”
Muhammetmyrat ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler