«Galkan» üstünlige tarap barýar!

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy dowam edýär. Geçirilýän ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» topary Omanyň «Oman Nationals» toparyny 15:1 hasabynda ýeňip ýeňiş gazanmagy başardy.

Ýeri gelende belläp geçsek, buzly meýdana ýaşyl eşikde çykan türkmen topary eýýäm ilkinji minutlardan ýokary derejedäki garşylyklaýyn hüjümlere geçdi. Şeýlelikde, ildeşlerimiz sazlaşykly oýun görkezmegiň hötdesinden geldiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok