Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tagallalary, şeýle-de berýän uly goldawlary netijesinde eziz ýurdumyzyň iň bir iri hem möhüm pudagy bolan oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn derejede ösdürmäge, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has hem artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýer eýelerini, edermen daýhanlary ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilip, şol tehnikalaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde işlemäge laýyk gelmekligi gazanylýar we bu işleriň ählisiniň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna şertler döredilýär. Häzir obasenagat toplumynda hususyýetçileriň sany barha artýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly önümleri öndürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge giň mümkinçilikleri açýar. Döwletimiziň dünýäniň işjeň senagatlaşýan döwletine öwrülýändigini azyk we gaýtadan işleýän senagatyň täze kuwwatly kärhanalarynyň, döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň, elewatorlaryň, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň sanynyň artmagy-da subut edýär. Bu bolsa halkyň isleg bildirýän gök we miwe önümleriniň möçberini artdyrmaga, ak bazarlarymyzda ýylyň islendik döwründe haryt bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär.
“Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň amal bolýan döwründe sahawatly türkmen topragymyzda yhlasly, halal, päk zähmet çekip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýän edermen daýhanlar azyk bolçulygynyň kepil bolmagynda uly orun eýeleýär. Bu pudakda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli dürli oba hojalyk önümleriniň möçberini we eksportyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Pudagy has ýokary sepgitlere çykarmak üçin welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar ulanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek boýunça anyk işler geçirilýär. Ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribäni ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürilýär, hasyllylygy ýokarlandyrmak, tohumçylygy gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirilýär. Ekinleriň naýbaşy tohumlary önümçilige ornaşdyrylyp, tohumçylyk edaralarynyň işini halkara derejede kämilleşdirilýär. Oba hojalygyny suw bilen üpjün etmek möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şonuň üçin suwy rejeli peýdalanmaga, suw desgalarynyň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Suw diplomatiýasy alyp barýan daşary syýasatymyzyň we daşary ykdysady işimiziň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, suw serişdelerini gorap saklamaga we tygşytly ulanyp, onuň ýitgisini azaltmaga jogapkärli çemeleşilýär. Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak boýunça goňşy döwletler bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Daşky gurşawy goramak ministrligi çölleşmä, ýerleriň şorlaşyp zaýalanmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirini azaltmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle asylly işler döwrümiziň hem halkymyzyň bagtyýarlygyny kepillendirýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler